07.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.

07.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

07.09 2022

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar.

07.09 2022

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygymy möwsümi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 14-nji sentýabrda başlanar.

06.09 2022

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýuna barýar. 

06.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa we Braziliýanyň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

06.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hanym Liz Trassy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

06.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna pakistan tarapyndan hat gelip gowuşdy. 

06.09 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

05.09 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1514 sahypa
Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy