Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda giňden bellenilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralaryň üstüni ýetirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşýarys. Sizi we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Bouygues” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.