Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
Çap edildi 10.10.2026
2419

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

Myhman ählihalk baýramyna çakylyk we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doglan we önüp-ösen ýurdy bolan Türkmenistana hemişe uly höwes, tolgunma bilen gelýändigini, şeýle hem özüniň taryhy Watanynyň gazanýan üstünliklerine, häzirki döwürde onuň bagtyýarlygyň, abadançylygyň ýurdy hökmündäki derejesine çäksiz buýsanýandygyny aýtdy.

Mähirli we hoşniýetli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy älem giňişligini özleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň, ylym ulgamynyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin peýdalanmagyň meseleleri barada aýtdy. Şunda türkmen ýaşlaryny bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklara çekmegiň, olaryň kosmos ylmyny özleşdirmeklerini ýola goýmagyň meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan älem giňişligini öwrenmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna möhüm üns berýär. Ýurdumyzda ilkinji milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine giň ýol açýar.

Oleg Kononenko Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlarynyň kosmosa bolan gyzyklanmalaryny durmuşa geçirmek, kämil inženerçilik hünärlerini ele almak barada aýdanlarynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, bu babatda öz tarapyndan zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. “Dogduk Diýarymyzda taryhy ähmiýeti bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly hormatdyr” diýip, myhman belledi.

Gahryman Arkadagymyz we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko belent sepgitlere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň älem giňişligini özleşdirmäge işjeň gatnaşmagynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellediler. Munuň özi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda belent derejeleri nazarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Oleg Kononenko birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
16.11
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow