Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 10.10.2026
2828

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman ak mermerli Aşgabatda ýokary derejeli saglyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda golf sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kompaniýanyň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparyny we dünýä belli kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň, şol sanda golf sportunyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigini belläp, ýurdumyzda golfçularyň täze nesliniň kemala gelýändigini aýtdy.

Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynam bildirilmeginiň özleri üçin belent mertebedigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Nicklaus Сompanies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf sportuny ösdürmäge we sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow