26.01
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýli Amanmyradowiç Kuliýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
25.01
2015
Sankt-Peterburg, 25-nji ýanwar (TDH). Türkmen futbolçylary Sankt-Peterburgda /Russiýa Federasiýasy/ şu gün tamamlanan “Arkalaşygyň kubogy” atly XXIII halkara ýaryşynyň iň oňat dört toparynyň hataryna girdiler.
25.01
2015
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Awstriýanyň paýtagtynda guralan “Ferien-Messe Wien” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özüne çekiji teklipleriň alşylmagyna beslendi.
24.01
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
23.01
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdul Aziz Al-Sauda Saud Arabystany Patyşalygynyň milli lideri, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, diňe musulman ymmatynyň däl-de eýsem bütin dünýäniň görnükli syýasatçysy Abdalla Ben Abelaziz Al Saudyň biwagt aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.
23.01
2015
Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Gazagystan-Türkmenistan –Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygyna mynasyp goşant goşan demirýolçulary sylaglamak dabarasy boldy.
22.01
2015
Mary, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine baryp gördi.
22.01
2015
Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda häzirki döwür üçin möhüm çäreleriň meýilnamalaryna, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji derejeli wezipelerine hem-de döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.
22.01
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyny giňden belläp geçmek hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, özara tejribe alyşmak we saglygy goraýyş babatda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.01
2015
Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün ir säher bilen türkmen paýtagtyndan goňşy Owganystana nobatdaky ynsanperwer ýüki ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna kömek hökmünde azyk önümleri we mekdep mebelleri eltiler.