21.01 2015
Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH).Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty boldy. Şol maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çemeleşmeler kesgitlenildi.
21.01 2015
Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi, goňşy ýurduň Baştutany ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen geldi.
21.01 2015
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda çykaran 14045-nji karary bilen tassyklanan, 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.01 2015
Şu ýanwar günleri paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça ikinji çempionat badalga aldy. Onuň oýunlary şu ýyl paýtagtymyzyň buzly meýdançalarynyň birbada ikisinde — Gyşky oýunlar sport toplumynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda geçirilýär.
20.01 2015
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Men hormatly Allan F.Mastardy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
20.01 2015
Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Allan Mastardy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
20.01 2015
21-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar.
20.01 2015
Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi, ýurdumyzyň döwlet-hukuk we jemgyýetçilik ösüşiniň ösüşli başlangyçlaryň we milli maksatnamalaryň iş ýüzünde amal edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
19.01 2015
Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi. Döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
19.01 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň orunbasary Annaguly Gelenow Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy