29.01
2015
Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mämedýarowy kabul etdi.
29.01
2015
“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany neşir edildi.
28.01
2015
2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň ylym, edebiýat, sungat, arhitektura we medeni merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
28.01
2015
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol mebel pudagynyň gazananlaryny, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.
28.01
2015
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.
27.01
2015
Mary, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi.
26.01
2015
Şu günler Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän sport we söweş sambosy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň tapgyrynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň türgenleri başa-baş söweş sungatynyň bu iki ugry boýunça jemi ýedi medala — iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medala eýe boldular.
26.01
2015
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu dabara gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlarymyza myhmansöýer Türkmen topragyna «Hoş geldiňiz!» diýýäris!
26.01
2015
Hormatly Watan goragçylary!
Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 23 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, bu baýram Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň asuda, abadan durmuşynyň goragynda berk duran Ýaragly Güýçlerimiziň merdana harby gullukçylarynyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da dabaralandyrsyn!
26.01
2015
Aşgabat, 26-njy ýanwar /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşy seljerildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.