03.02
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-taglymat žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy.
02.02
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dörtguly Hojaýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
02.02
2015
Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2015-nji ýylyň birinji aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hem gatnaşdy.
02.02
2015
Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.02
2015
Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň milli sport hereketiniň taryhyna täze sahypa ýazyldy: şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda taý boksy boýunça ýurdumyzyň birinji çempionaty tamamlandy .
01.02
2015
Bişkek, 1-nji fewral (TDH). Türkmen türgenleri şu gün tamamlanan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşynda bürünç medallaryň ikisini eýelediler. Milli ýygyndy toparymyzda Arslanbek Açilow (75 kilograma çenli agram derejede) we Ýakup Meredow (56 kilograma çenli agram derejede) sylaglara mynasyp boldy. Bäsleşiklere Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan 180-e golaý türgen gatnaşyp, medallaryň 10 toplumy ugrunda özara bäsleşdi.
31.01
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy.
30.01
2015
Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Diýarymyzyň we dünýäniň mebel senagatynyň gazananlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi eksponentleriň 70-e golaýyny özüne çekdi. Olar işewürligiň bu görnüşinde täze meýilleriň we nusgalaryň dürli öwüşginlerini sergä gelenlere görkezdiler.
30.01
2015
Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
29.01
2015
Aşgabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Elmar Mamedýarowyň we Mewlýut Çawuşoglunyň ýolbaşçylygynda iki dostlukly ýurduň wekiliýetleri Aşgabada geldiler.