18.03
2015
Aşgadat, 18-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 7 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gözden geçiriliş öz işini tamamlady. Bu giň möçberli çäräni ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
18.03
2015
Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-polýak işewürlik maslahaty boldy. Onuň işine Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
18.03
2015
Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy Nuýer Baýkelini kabul etdi.
17.03
2015
Aşgabat, 17-nji mart /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde nobatdaky ykdysady forum—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty açyldy. Ol bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 7 ýyllygyna bagyşlanyldy.
17.03
2015
“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 6728 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
17.03
2015
Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
16.03
2015
Jenap Prezident,
Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek maksady bilen, men jenap Mark Salkany
Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.
16.03
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ogulbagt Annaberdiýewna Çopanowa “Watan” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
16.03
2015
Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salkadan ynanç hatyny kabul etdi.
16.03
2015
Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.