Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-polýak işewürlik maslahaty
Ykdysadyýet
Türkmen-polýak işewürlik maslahaty
Çap edildi 18.03.2015
1760

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-polýak işewürlik maslahaty boldy. Onuň işine Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda Polşanyň köp sanly itşewürlik düzümleriniň wekilleri, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, gurluşyk, oba hojalyk toplumy, dokma senagaty, lukmançylyk boýunça ýöriteleşdirilen belli firmalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar. Şol firmalaryň arasynda “AWR Nordic products”, “Bakalland”, “Carmi Food”, “CHIMFARM”, “DARPOL”, “Domex”, “Energopol – Szczecin”, “ES – SISTEM” we beýlekiler bar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Polşanyň hojalyk edarasy tarapyndan guralan duşuşygy açyp, Polşa Respublikasynyň premier-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet ministry Ýanuş Pehoçinski türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän netijeli “açyk gapylar” syýasatynyň, Türkmen döwletiniň serişdeler we ykdysady taýdan örän uly mümkinçilikleriniň, ynamly ösüşiniň Polşanyň işewür toparlarynyň ysnyşykly we netijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirilmegini şertlendirýändigini belläp, şu günki duşuşygyň türkmen-polýak hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdi. Forumda türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler bilen jikme-jik tanyşdyrdylar, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ösüşi baradaky wideofilm arkaly görkezildi. Şunda oňyn özgertmeleriň esasy maksadynyň ýurduň ykdysady kuwwatyndan hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen halkara söwda-ykdysady hyzmatldaşlygy ösdürmegiň hasabyna türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdygy bellenildi. Forumda Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini hem-de demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary, köprüleriň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, bularyň Ýewropadan Pars aýlagyndaky portlara çenli aralygy ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berýändigini göz öňünde tutmak arkaly ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistanda Hazaryň ekologik taýdan arassa kenar ýakasynda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutmak arkaly syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy. Ýygnananlar ykdysady ugur, medeni-gumanitar we ylym-bilim ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli çaltlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow