Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 18.03.2015
1231

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy Nuýer Baýkelini kabul etdi. Myhman döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapyp kabul edilendiri üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna Hytaý halk Respublikasynyň Başlygy Sin Szinpiniň hem-de HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň mähirli salamyny hem-de bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Nuýer Baýkeli Hytaýyň Türkmenistan bilen soňky ýyllarda täze ösüşe we many- mazmuna eýe bolan däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyny möhüm ähmiýetli strategiki hyzmatdaşy hasaplaýandygyny, ýurtlarymyzy gözbaşyny Beýik Ýüpek ýoly zamanasyndan alyp gaýdýan köpasyrlyk taryhy taýdan kemala gelen dostluk gatnaşyklary we dürli ulgamlardaky netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz we myhman özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň çäklerinde uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de iki tarapyň hem bähbitlerine kybap gelýän netijeli özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara ynamyň ýokary derejesiniň, yzygiderli geçirilýän netijeli döwletara gepleşikleriniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de milli ykdysadyýetleriň beýleki pudaklarynda köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge amatly şertleri döredýändigini bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berdi, onuň jemleri boýunça dürli ulgamlarda, hususan-da, nebitgaz toplumynda täze bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga badalga beren ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde eýýäm sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdiler, şol sanda yklymda iri halkara gaz geçirijisini işe girizdiler. Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryny özleşdirmek, “Galkynyş” gaz käninde gazy gaýtadan işleýän ikinji toplumyň gurluşygy boýunça bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz iki ýurt üçin ileri tutulýan ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady. Nuýer Baýkeli ägirt uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge öz ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek beýan edip, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de döwlet tarapyndan daşary ýurt işewurligine berilýän goldawyň hasabyna türkmen bazarynyň aýratyn özüne çekijiligini belledi. Hormatly Prezidentimiz hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy duşuşygyň ahyrynda köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge düýpli gyzyklnama bildirýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua gatnaşdy.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow