23.04
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
23.04
2015
Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty açyldy.
22.04
2015
Aşgabat, 22-nji aprel /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Abdelsattar Mohamed Elbadriden ynanç hatyny kabul etdi.
22.04
2015
Aşgabat, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
22.04
2015
Gökdere, 22-nji aprel (TDH). Şu gün gözel Gökdere jülgesiniň golaýynda, dag eteginde her ýyl geçirilýän däbe öwrülen uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Halkara atçylyk-sport toplumynda bolsa bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi boldy. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi tarapnydan guralan ýaryşlaryň ikisi hem Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlandy.
22.04
2015
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
22.04
2015
Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
22.04
2015
Brýussel, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Belgiýanyň paýtagtynda energýia serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň halkara duşuşygy geçirildi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň täze energetika düzümlerine maýa goýmak ugruna bagyşlandy.
22.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
22.04
2015
Änew, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Ahal welaýatynyň häkimligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.