Baş sahypa
\
Sport
\
Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi
Sport
Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi
Çap edildi 23.05.2015
2203

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahat zalynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Owganystandan, Pakistandan, Mongoliýadan, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginden wekiller türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitet bu duşuşygy guradylar. Aşgabatda Aziada—2017-de taýýarlygyň çäklerinde halkara derejesindäki dürli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ülňülerine laýyk gelýän degişli döwrebap düzümi kemala getirmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylandygyny we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi, türkmenistanlylaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga çekilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýändigini bellediler. Aziada—2017 diňe bir Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna däl-de, bu ileri tutulýan ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýer ýüzünde olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam bermelidir. Bäsleşikler açyk ýagdaýda gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagynyň aradan aýrylmagy bilen geçirilmelidir. Mundan hem başga, dopinge garşy göreş eger-de ähli ýurtlar hem-de degişli guramalar jebisleşip, türgenleriň gadagan edilen serişdeleri peýdalanmaklaryna garşy bilelikde çykyş etseler has-da netijeli bolar. Türkmen türgenleriniň ýüzlerçesi dünýä we Aziýa ýaryşlarynyň çempionlary we baýrak eýeleri boldular. Munuň özi bitarap döwletimiziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň we hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda ýadawsyz tagallasynyň we yzygiderli ünsüniň netijesidir. Sebitleýin guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dopinge garşy syýasatynyň dürli ugurlaryny, şeýle hem bu sebitiň döwletleriniň sportda dopinge garşy göreşde mundan beýläk-de strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda bilim taslamalaryny, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki işi we gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine, şeýle hem dopinge garşy göreş ulgamynda monitoringi amala aşyrmak meselelerine garaldy. Dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty bilen bir hatarda milli hünärmenler üçin okuw maslahatlary guraldy. Beýik Britaniýanyň dopinge garşy komitetiniň bilermenleri Emma Eýrian Praýs, Mýurreý Kemeron Bruk we Stiwen Alan Roberts bu çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdiler.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow