26.07 2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
26.07 2015
Jenap Prezident, meniň mähriban doganym, Alžir döwletiniň hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy şatlyk bilen Size ýollaýaryn.
24.07 2015
Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
24.07 2015
Hünärmenleri taýýarlmagyň täze ugurlary: 1. “Opera sungaty” Ýurdumyzyň millli opera sungaty 2015-2016-njy okuw ýylynda ösüşinde täze ösüşe eýe boldy. Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylyp başlanar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň ruhy ösüşi, milli medeniýetimizi kämilleşdirmek babatda yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.
24.07 2015
Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri Salman ben Abdel-Aziz Al-Saud, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystanynyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize iň gowy doganlyk gutlaglarymy we tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollamaga örän şatdyryn.
23.07 2015
Aşgabat, 23-nji iýul /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda zenanlar hem-de ýetginjek gyzlar babatda döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ynsanperwer işleri meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy /ÝUNFPA/ tarapyndan guraldy.
23.07 2015
Golaýda Aşgabatda geçirilen iri saglygy goraýyş forumlary giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, şol günlerde dünýä metbugatynda peýda bolan köpsanly makalalarda öz beýanyny tapdy.
22.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, podpolkownik Mamowow Döwletgeldi Amangulyýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
22.07 2015
Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe we ” Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahat köp adam ýygnady.
22.07 2015
Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar.
1531 sahypa
Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy