29.07 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
28.07 2015
3. Radioelektron ulgamlary we toplumlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärini açmak barada çözgüt kabul edildi.
27.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
27.07 2015
Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.
27.07 2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda türkmen, rus we iňlis dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly maglumat-analitik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
27.07 2015
2. Ykdysady kibernetika Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady kibernetika” hünärini açmak hakynda Karara gol çekdi. Bu hünär boýunça işgärleri taýýarlamak barada milli Liderimiziň başlangyjy döwlet ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçe pikirlenýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeler bilen kesgitlenip, olar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp we dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolmalydyr.
26.07 2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
26.07 2015
Jenap Prezident, meniň mähriban doganym, Alžir döwletiniň hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy şatlyk bilen Size ýollaýaryn.
24.07 2015
Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
24.07 2015
Hünärmenleri taýýarlmagyň täze ugurlary: 1. “Opera sungaty” Ýurdumyzyň millli opera sungaty 2015-2016-njy okuw ýylynda ösüşinde täze ösüşe eýe boldy. Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylyp başlanar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň ruhy ösüşi, milli medeniýetimizi kämilleşdirmek babatda yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.
1530 sahypa
Soňky habarlar
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
08.10
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
08.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy