Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 08.10.2026
1939

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Azerbaýjan Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Azerbaýjanyň Prezidentiniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara çäreleriň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýollady.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzy iki halkyň dilinde, edebiýatynda we baý däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýan çuň taryhy we medeni umumylyk birleşdirýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamakda we mundan beýläk-de ösdürmekde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, özara saparlar aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özara gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berendigini belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin wajyp ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan BMG, YHG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, birek-biregiň taslamalaryny we başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Bu bolsa taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiginiň güwäsidir.

Ýurtlarymyz energetika we ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedirler, bu bolsa giň gerimli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döredýär.

Hazar deňzi arkaly gämi we multimodal gatnawlaryny ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygyndaky geografik çäkde ýerleşmegi munuň üçin amatly şertleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim we ynsanperwer alyşmalar ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, munuň iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew özara dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
top-arrow