Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 29-nji Iýul
Resmi
Resmi habarlar 29-nji Iýul
Çap edildi 29.07.2015
2113

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 836 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp hem-de lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmak barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany, şol köpugurly hassahana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow