12.11
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
11.11
2016
Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
11.11
2016
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürrekden çykýan arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin.
11.11
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.11
2016
Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň -- “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
10.11
2016
Kwanju, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün türki medeniýetiň Halkara festiwalynyň çäklerinde Kwanju şäheriniň Aziýa medeni merkeziniň teatrynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ozal habar berlişi ýaly, foruma biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, görnükli bagşy-sazandalar, “Galkynyş” folklor-tans topary, muzeý işgärleri bar.
10.11
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.
10.11
2016
Buhara, 10-njy noýabr /TDH/. Şu gün Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti boldy.
10.11
2016
Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşen seýilgähde garaşsyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyran görnükli syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
09.11
2016
Daşkent, 9-njy noýabr (TDH). Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky döredijilik çäresiniň ikinji güni özbek doganlarymyzy türkmen sungatynyň geçen asyrlardaky we häzirki döwürdäki täsin özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan çärelere baý boldy.