13.11
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklaryna açyk syýasaty dünýä bileleşigi bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary üçin oňaýly şertleri döretdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan bu syýasat ýurdumyza uly abraý getirdi. Birnäçe möhüm wakalary öz içine alan geçen hepde munuň aýdyň subutnamasy boldy.
13.11
2016
Şu gün, 14-nji noýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-palestin gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas türkmen paýtagtyna geldi.
13.11
2016
Siziň Alyhezretiňiz!
13.11
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mişel Aunyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlagyny iberdi.
12.11
2016
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty badalga aldy, “Arena Armeýes” toplumynda geçirilýän bu bäsleşiklere 80 ýurtdan türgenleriň birnäçe ýüzüsi gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde türkmenistanlylar iki medala – bir kümüş (söweşjeň görnüşi boýunça) hem-de bir bürünç (nusgawy görnüşi) medala mynasyp boldular.
12.11
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
11.11
2016
Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
11.11
2016
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürrekden çykýan arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin.
11.11
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.11
2016
Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň -- “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.