25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.
25.11
2016
Siziň Alyhezretiňiz,
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
24.11
2016
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek maksadynda men Aýalew Gobeze Worknehi Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek barada Karar kabul etdim.
24.11
2016
Siziň Alyhezretiňiz,
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobeze Worknehden ynanç hatyny kabul etdi.
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýllerden ynanç hatyny kabul etdi.
23.11
2016
Aşgabat, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen birnäçe kanunlar hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.
22.11
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda bolan mejlisinde goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, berk şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşýandygy nygtaldy. Ýurdumyzyň netijeli başlangyçlary hem şuňa gönükdirilendir.