23.12
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
23.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet minisrtliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Milli müdirligiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak boýunça Gazna dörediler.
23.12
2016
Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.
22.12
2016
Şu gün Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň täzelenen we üsti ýetirilen sergisi açyldy.
22.12
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungaty hem-de binagärligi mudan beýläk-de öwrenmek, gorap saklamak we ösdürmek meselelerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ylym hem-de döredijilik işleri üçin ähli zerurlyklar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe döwrebap muzeýleriň we teatrlaryň gurulmagy ynsanperwer ulgama berilýän uly ünsüň aýdyň netijeleridir, her welaýat merkezinde täze görnüşli kitaphanalar bina edildi. XXI asyryň tehnologiýalaryndan ugur alan döwlet bilim maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy-barlag işleri innowasion derejä çykaryldy, kitap neşirýat işi ösdürilýär, Internet ulgamynda milli serişdeler artýar.
22.12
2016
Şu gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň belli amerikan sazandalary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Täze ýyl baýramçylyklarynyň öň ýanyndaky bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy.
22.12
2016
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welosiped meýdançasynda welosiped ýaryşlary boýunça geçirilen saýlama bäsleşiklerde milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlenildi. Ýygyndy topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşer.
21.12
2016
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar.
21.12
2016
Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi.
21.12
2016
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan duýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti buýruga gol çekdi.