21.12
2016
Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.
20.12
2016
Şu gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda Aziada-2017-niň saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde sport tanslary boýunça ýaryşlar geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndynyň düzümi döredildi.
20.12
2016
Biziň ýurtlarymzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli özara düşünişmegi hem-de sazlaşykly aragatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, men jenap Majibur Rahman Bhuýany Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
20.12
2016
Innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesiniň öwrenilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýan wezipeleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmegine ýurdumyzy senagat taýdan galkyndyrmagyň kuwwatly serişdesi, bäsdeşlige ukyply eskport ugurly täze pudaklaryň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümçilikleriň döredilmegi hökmünde garaýar.
20.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýaragly hüjüm edilmegi netijesinde pajygaly ýagdaýda gurban bolmagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýürekden gynanjyny beýan edýän gynanç hatyny iberdi.
20.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Majibur Rahman Bhuýandan ynanç hatyny kabul etdi.
20.12
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Ýoahim Gauga hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Berlin şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
19.12
2016
Şu günler Aşgabadyň Döwlet sirkinde baýramçylyk mynasybetli daşary ýurtly artistleriň “Müsür şazadasy we nuba ýolbarslary” atly ilkinji sirk maksatnamasynyň çäklerindäki çykyşlar başlandy.
19.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk konsertler tapgyry Russiýa Federasiýasynyň belli aýdymçysy, sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda halkara derejesindäki medeni çäreleriniň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
19.12
2016
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.