31.01
2017
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Jelilow bilen duşuşygy bolar.
31.01
2017
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň zähmekeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.
30.01
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş –ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, senagat pudagynda we oba hojalygynda alnyp barylýan işlere üns berdi, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy.
30.01
2017
Baýramaly şäheriniň sport mekdebinde taekwondo (ITF görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa 150-den gowrak türgen gatnaşdy. Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri altyn medallaryň 17-sini gazanyp, öňdeligi eýelediler.
30.01
2017
Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşyk M.Kemine adyndaky döwlet teatrynda geçdi. Oňa ýerli häkimiýet düzümleriniň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
30.01
2017
Şu gün Türkmenabat şäheriniň häkimliginde Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy Serdar Jelilow bilen duşuşygy boldy. Onuň saýlawlaryň öüňsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyşmak üçin ubu ýere ýerli häkimiýet düzüminiň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar.
30.01
2017
Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde, N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, sebitiň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk geçirildi.
30.01
2017
Şu gün Serdar şäherinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär --Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Şäheriň medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
29.01
2017
Geçen hepdäniň dynç günlerinde Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Aziada-2017: Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” atly ylmy-amaly maslahat boldy. “Aşgabat” köpugurly sport toplumynda bolsa dört güne çeken gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy.
29.01
2017
Balkanabat, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün ir bilen welaýatyň merkezindäki 13-nji kiçi etrapçasynda iri ýaşaýyş jaý toplumynda guruljak binanyň ýanynda türkmen toýuna mahsus ýagdaý emele geldi.