Baş sahypa
\
\
Süleýmannepes Nurnepesow Daşoguz welaýatynyň salýawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Süleýmannepes Nurnepesow Daşoguz welaýatynyň salýawçylarynyň sowallaryna jogap berdi
Çap edildi 30.01.2017
3200

Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde, N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda, sebitiň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk geçirildi. Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynyň başynda S.Nurnepesowyň zähmet ýoly beýan edildi, şeýle hem iş başarjaňlygy, zähmet tejribesi bolan hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly, ak ýürekli adam hökmünde onuň şahsy, iş we hünär başarnyklaryna häsiýetnama berildi. Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özi ýygnananlary özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy hem-de welaýatyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap ebrdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda çuňňur özgertmeler amala aşyrylýar, welaýatlary, etraplary, şäherleri we obalary ösdürmegiň maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ählumumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda döwlet gurluşy, hukuk we saýlaw ulgamlary kämilleşdirilýär. S.Nurnepesow özüniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan halatynda türkmen halkynyň bähbitlerine ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Dalaşgäriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň daşary syýasatynda umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler. S.Nurnepesow ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagy, oba hojalygyny ösdürmegi, azyk bolçulygyny döretmegi, ýurdumyzyň telekeçilerine goldaw bermegi, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi belledi. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegine hem bagly bolup durýar, şonuň üçin hem bu ugra aýratyn üns berler diýip, dalaşgär äşgär etdi. Ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak,nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, himiýa senagatyny ösdürmek boýunça geljekki edilmeli işlere ünsi çekip, S.Nurnepesow täze senagat desgalaryny gurmagyň zerurdygyny nygtady. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly maddalaryň iň iri ýataklarynyň biri bolan Garabogazköl aýlagynda senagat önümçiligini ösdürmäge, täze eksporta gönükdirilen örän möhüm senagat desgasynyň – ýyllyk kuwwaty 1155 müň tonna karbamid öndürmäge barabar bolan “Garabogazkarbamid” himiýa zawodynyň we himiýa pudagynyň beýleki kärhanalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler. Duşuşygyň ahyrynda, S.Nurnepesow ýygnananlary ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanmagy üçin özüniň ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow