Baş sahypa
\
\
Balkan welaýatynyň salýawçylarynyň Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi
Balkan welaýatynyň salýawçylarynyň Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy geçirildi
Çap edildi 30.01.2017
3226

Şu gün Serdar şäherinde Balkan welaýatynyň saýlawçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär --Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow bilen duşuşygy boldy. Şäheriň medeniýet öýünde geçen duşuşyga ýerli dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Agrar partiýadan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary D.Orazowyň terjimehalyndaky esasy pursatlar bilen tanyşdyrdy. Onuň oba hojalyk ulgamynda uly iş tejribesi, guramaçylyk ukyby, şeýle hem adalatly hem-de ak ýürekli adam hökmünde hormata mynasyp şahsy häsiýetleri bellendi. Soňra ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol özüniň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. D.Orazowyň belleýşi ýaly, biziň Watanymyz gysga möhletlerde ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe boldy, onuň halkara abraýy örän ýokarlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp şygaryň iş ýüzünde hereket edýänligine aýdyň göz ýetirdi. Häzirki wagtda obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgama goldaw bermek, welaýatlaryň senagatlaşdyrylmagyny tizleşdirmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm strategiki wezipeler bolup durýar. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Aýdylanlary jemlemek bilen, D.Orazow özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir ýagdaýlaryny düşündirdi. Hususan-da, oba hojalygynyň gün tertibinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýeri gurplandyrmak, bagbançylyk, miwe we bakja önümlerini öndürýän täze hojalyklary döretmek, daýhan birleşiklere we ekerançylara özbaşdak maşyn-traktor parklaryny döretmäge kömek bermek we beýlekiler bellendi. Ýygnananlaryň sowallaryna jogap berip, dalaşgär suwy rejeli peýdalanmagyň, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň zerurlygy nygtaldy. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýazylýan eýýamynda mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine her bir raýatyň, şol sanda meniň özümiň hem ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegi, onuň halkara derejesinde abraýynyň we şöhratynyň artmagy üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmazlygymyz gerek diýip, D.Orazow belledi.

Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
top-arrow