29.01 2017
Ahal welaýaty, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.
29.01 2017
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi, Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen, dört gatly köp öýli jaýlar bina ediler. Paýtagtymyzyň we welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça olary ýerli gurluşyk kärhanalary gurar.
29.01 2017
2017-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy bolar.
29.01 2017
Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. “Mekan” köşgünde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
29.01 2017
10. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelegleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär.
27.01 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
27.01 2017
Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2017-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça möwsümi geçirmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu ugurda görülýän çäreler, şol sanda iýmlik binýady bolan tut nahallarynyň ekilişini artdyrmak, ýüpekçileri ýokary hilli gurçuk tohumy hem-de ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek gaýtadan işleýän kärhanalary çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
27.01 2017
Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.
27.01 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Meret Baýramowiç Orazow Raýat awiasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipesine bellenildi.
27.01 2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.
1528 sahypa
Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar