18.02
2017
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine—şu gün bellenilip geçilýän Diplomatik işgärleriniň gününe hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.
18.02
2017
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden dabaraly bellenilýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.
18.02
2017
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Türkmenistanyň giňden we dabaraly bellenilip geçilýän milli baýramy bolan Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadag we Gahryman Liderimiz - Siziň berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň durmuş-medeni hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriňiziň, parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek hem-de gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydarna rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
18.02
2017
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç günilni geçirmek hakynda
18.02
2017
Bu ýerde gyşky oýunlar boýunça VIII Aziýa oýunlary badalga aldy, oňa ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Biziň türgenlerimiz Malaýziýanyň toparyndan 9:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşy şowly başladylar.
18.02
2017
Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşyna we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Biziň watandaşlarymyzyň ýaryşyň birinji güni görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 29-sy bilen ýetirilip, olaryň 6-sy altyn, 9-sy kümüş we 14-si bürünç medallardan ybarat boldy.
18.02
2017
Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi.
18.02
2017
Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, şeýle hem Saud Arabystanynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn.
17.02
2017
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!
17.02
2017
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan “Dagyň depesine çykmak” taslamasy özüniň maksadyna ýetdi: eziz Watanymyzyň baýdagy hem-de Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerişine galdyryldy.