08.03
2017
Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.
08.03
2017
Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi joşgunly baharyň gül açýan – tebigatyň lälezar görnüşe dolup, dag-derelerimiziň gül-güläleklere beslenýän, Hydyr gören çöllerimiziň heýjana gelip, kalplarymyzy joşa getirýän ajaýyp paslynda dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
08.03
2017
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanylan dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler sarpalanyldy.
07.03
2017
Şu gün Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
07.03
2017
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyşy mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabarada çykyp edip, täze köprüleriň iş ýüzünde dostluk köprüleri, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamatlylygynyň nyşanlary hem-de biziň nesillerimiz üçin mynasyp mysal bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
07.03
2017
Türkmenabat şäherinde iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat topary” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.
07.03
2017
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy.
07.03
2017
Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.
07.03
2017
Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlap, berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
07.03
2017
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.