07.03
2017
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
07.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar.
07.03
2017
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçen ilkinji ýolagçylar boldular. Körüniň iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasyndan soň, otly Türkmenabat-Farap täze ýol bilen Amyderýanyň sag kenaryna tarap ugrady.
07.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.
07.03
2017
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler.
06.03
2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 100 sany açyk görnüşli wagonlary zawod şertlerinde sement daşaýan ýük wagonlaryna öwrüp, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak barada Özbegistan Respublikasynyň “Andižan mehanika zawody” kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
06.03
2017
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.
06.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Orta Aziýanyň iň uly derýasynyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasynyň öň ýanynda çap edilen neşir “Türkmenistan geljege – dostluk we ösüş köprülerini gurýar” diýlip atlandyrylýar.
06.03
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty işläp başlady. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri hem-de halkara bilermenler—deňiz ykdysadyýeti, syýasat, dolandyryş, ekologiýa, deňiz hukugy babatda we beýleki ugurlarda Halkara ummanlar institutynyň ylmy geňeşçileri gatnaşýarlar.
06.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça metbugatyň öňünde eden çykyşynda bu günki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklaryň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini belledi.