Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Köp çagaly maşgalalara döwlet Baştutanymyz adyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy
Jemgyýet
Köp çagaly maşgalalara döwlet Baştutanymyz adyndan täze öýleriň açarlary gowşuryldy
Çap edildi 07.03.2017
2255

Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi, olara Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly atlara mynasyp bolan eneleri sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu gezekki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen enelerimiziň iki ýüz segsenden gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Bellenilişi ýaly, köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň baş aladasydyr. Halkara zenanalar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän ähli amatlyklary bolan täze giň öýleriň açarlaryny aldylar, olar uly ruhubelentlik ýagdaýynda jaý toýlaryny tutdular. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, olaryň düzüm böleklerinde, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň dürli görnüşli kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däbe görä pul sowgatlary aýal-gyzlaryň ählisine, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara gowşuryldy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow