Baş sahypa
\
\
“Aşgabat 2017” – eziz Watanymyzyň sport senasy!
“Aşgabat 2017” – eziz Watanymyzyň sport senasy!
Çap edildi 28.07.2017
1561

Şu gün paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň köpugurly sport toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli aýdym-sazly sport baýramçylygy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna döredijilik we höwesjeňler toparlar, şeýle hem türgenler gatnaşdylar. Olar köpöwüşginli çykyşlary bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Häzirki zaman tehniki serişdeleriň ulanylmagy baýramçylyk çäresiniň täsirini has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar stadionyň meýdançasynda erk-islegiň güýjüni, ýeňişlere tarap ymtylyşy alamatlandyrýan Wepaly alabaýyň şekilini döretdiler. Sport toplumynyň ýodajyklary boýunça türgenler, milli lybasly ýaşlar hem-de welosipedçileriň uly toparlary geçdiler. Syratly ahalteke bedewi baýramçylygyň esasy gahrymany boldy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşanynda ganatly bedewiň keşbiniň şekillendirilendigi tötänden däldir. Ol ýurdumyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleriniň täsirli çykyşlary köp sanly tomaşaçylary haýran galdyrdy. Olar täze taryhy eýýamda döwrebap bilim almak, sport, çeper we ylmy döredijilik bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçiliklere eýe boldular. Joşgunly sazyň astynda olar V Aziadanyň sport görnüşleriniň maksatnamasyna giren başa-baş söweş boýunça görkezme çykyşlaryny hödürlediler. Gadymdan gelýän we müdimi ajaýyp halk sazlary eziz Watanymyzyň gazanýan uly üstünlikleriniň, türkmen halkynyň döredijilikli zähmetiniň özboluşly senasy bolup ýaňlandy. Folklor toparlarynyň taýýarlan aýdym-saz tans kompozisiýasy türkmen topragynyň özboluşly zehinleriniň çeşmesiniň egsilmezdiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk dabarasy türkmen estradasynyň ussatlarynyň, ýaş zehinleriň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda beýik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçiriljek “Aşgabat 2017” oýunlaryna bagyşlanan aýdym-sazly we tansly çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Döredijilik toparlary tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilen gadymy küştdepdi tansy baýramçylyk dabarasynyň hakyky bezegine öwrüldi. Aýdym-sazly sport baýramçylygynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasy bolup durýan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdym ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi bu aýdyma öz seslerini goşdular. Bu aýdym eziz Watanymyzyň sport senasyna öwrülip, onda biziň ata-babalarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, halkymyzyň bitewüligi, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri wasp edildi.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow