Baş sahypa
\
\
«Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylary akkreditasiýa etmek boýunça Merkez işe başlady
«Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylary akkreditasiýa etmek boýunça Merkez işe başlady
Çap edildi 02.08.2017
3346

Tutuş ýurdumyzyň sabyrsyzlyk we uly ruhubelentlik ýagdaýynda garaşýan uly sport baýramynyň — “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagynyň öň ýanynda paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan açylan “Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi” (UDAC) işe başlady. Merkeziň iş wezipelerine oýunlaryň guramaçylary we gatnaşyjylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň türgenleri, Milli Olimpiýa Komitetleriniň resmi adamlary, eminler, meýletinçiler, şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri üçin akkreditasiýa resminamalaryny taýýarlamak we çap etmek meseleleri girýär. Şunuň bilen birlikde, merkez oýunlara gatnaşyjylaryň we hyzmat edýän işgärleriň ähli degişli toparlaryna ýörite lybaslary bermek hyzmatyny amala aşyrar. Şunuň bilen baglylykda, ýörite lybaslaryň bezeginde aýdyň milli öwüşginleriň esasy orun alandygyny bellemek gerek. Lybaslary taýýarlamak işine ýurdumyzyň hünärmenleri we dokma senagatynyň kärhanalary gatnaşdylar, şeýle ynam üçin türkmen dokmaçylarynyň buýsanjynyň çägi ýok. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim ädildi, oýunlara taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow