Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 16.09.2017
1473

Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy şanly waka – Aziada-2017-niň başlanmagy bilen gutlap, AOG-niň halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýan Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz AOG bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerine hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek ugruna ygrarlydygyny aýtdy. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Paýtagtymyzda gurlan Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, sebitde iri toplumyň oýlanyşykly gurulmagy, oňaýlylygy, üpjünçiligi, hyzmatlaryň guralyşy, özboluşly desgalaryň gözelligi türgenleriň üstünlikli çykyş edip, ýokary sport görkezijilerini gazanmagyna ýardam eder. Aziýa oýunlarynyň taryhynda “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň giň gerimli boljakdygy bellärliklidir – olara ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlaryndan hem türgenler gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, AOG-niň ýolbaşçysy milli Liderimize ýaryşlary guramak meselelerinde beren uly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu ugurda ýurdumyzda geçirilen ägirt uly işlere ýokary baha berdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň ýeten belent derejesi, şol sanda sport ulgamynda, onuň döwrebap düzümini döretmekde gazanan uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek meselelerine berýän örän uly ünsüniň miwesidir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasat ajaýyp miwelerini eçilýär—türkmen sporty dünýä derejesine çykýar. Şeýle hem myhman Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aşgabatda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň subutnamasydygyny aýratyn belläp, Aziada-2017-niň dünýäniň sport senenamasynda ýatdan çykmajak waka öwrüljekdigine, sebitde we dünýäde sporty wagyz etmek işine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. AOG-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Oýunlaryň ajaýyp, halkara talaplaryna laýyk derejede guralandygy üçin Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň sport guramalarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk hem-de alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistana we tutuş türkmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň we AOG-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna doly laýyk gelýän bu hyzmatdaşlyk uly mümkinçiliklere eýedir.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow