02.10 2017
Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi.
02.10 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
02.10 2017
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
02.10 2017
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek.
02.10 2017
Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
02.10 2017
Medeni-ynsanperwer aragatnaşyklar meselesi boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda hemişe aýratyn orun eýeläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň özara düşünişmeginiň, ynanyşmagynyň, çuňňur hormat goýmagynyň we mähirliliginiň berk köprüsi bolup hyzmat edip gelýär.
02.10 2017
Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy.
02.10 2017
Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzyň Hazar deňzindäki goňşusy bolup durýandygyny belläp, Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.
02.10 2017
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
02.10 2017
“Oguzhan” Prezident Köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleri dowam edýär. Olar ikiçäk görnüşde başlandy, soňra giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap