Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz: biziň Russiýa bilen gepleşiklerimize daşarky ýagdaýlar täsir etmeýär
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz: biziň Russiýa bilen gepleşiklerimize daşarky ýagdaýlar täsir etmeýär
Çap edildi 02.10.2017
1498

Medeni-ynsanperwer aragatnaşyklar meselesi boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda hemişe aýratyn orun eýeläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň özara düşünişmeginiň, ynanyşmagynyň, çuňňur hormat goýmagynyň we mähirliliginiň berk köprüsi bolup hyzmat edip gelýär. Biziň ýurdumyzda köpmilletli rus medeniýetini, edebiýatyny, dilini bilýärler we söýýärler, olaryň wagyz edilmegine we ösdürilmegine döwlet derejesinde ýardam berilýär diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen bilelikdäki gepleşiklerde belledi. Häzir ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 71-sinde rus dilini öwredýän synplar hereket edýär, Rus drama teatry işleýär, rus dilinde okuw, ylmy we çeper edebiýat yzygiderli esasda neşir edilýär. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýar. Biziň ýurdumyz medeniýet ulgamynda däp boýunça işjeň özara gatnaşyklary goldaýar. Geçen ýyl Russiýanyň şäherleriniň ikisinde—Moskwada we Wladimirde Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirildi. Aşgabatda bolsa biz Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde bu Respublikanyň sungat ussatlaryny kabul etdik. Şu günler bolsa türkmen paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. 2018-nji ýylyda Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň Russiýa jogap saparyny gurnamak meýilleşdirilýär. Kinematografiýa, neşirýat işi, sirk sungaty, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda ösdürilýär. Biz onuň dowam etdirilmegini ymykly maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz bilim ulgamy barada aýratyn durup geçmek bilen, häzirki günde RF-nyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi bilim alýar. Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamak işinde russiýaly hyzmatdaşlaryň berýän yzygiderli ýardamlary üçin olara minnetdardyr. Umuman, ýurdumyzda Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň özüne çekijiligi artýar. Muny bolsa şu ýylyň aprel aýynda geçirilen russiýanyň bilim ulgamynyň sergisi tassyklady. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk oňat depgine eýe bolýar. Prezident Wladimir Putiniň şu saparyň barşynda gol çekilýän Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň birnäçe esasy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň özara gyzyklanmanyň wajyp görkezijisi bolup durýar. Sport ulgamynda hem özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikler bar. Indi birnäçe ýyl bäri Russiýanyň belli türgenleri hem-de tälimçileri sportuň dürli görnüşleri boýunça türkmen türgenlerini taýýarlamaga gatnaşýarlar, şoňa görä-de, biz bu işleri dowam etmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz birnäçe gün mundan ozal Aşgabatda üstünlikli tamamlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşan Russiýanyň ýokary derejeli wekiliýetine aýratyn hoşallyk bildirdi. Oýunlar Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Bu hem sport hyzmatdaşlygyny wagyz etmäge, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu gün geçirilen ýokary derejedäki duşuşyk we geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň mäkäm binýadyna esaslanandygyny görkezdi. Olar aýdyň we düşnükli ýörelgelerde, parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde ikitaraplaýyn ägirt uly mümkinçilige göz ýetirmek bilen ösdürilýär. Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir, oňa daşarky ýagdaýlar täsir etmeýär, ol sebitde bolşy ýaly, bütin dünýäde hem hereketleriň durnuklylygynyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Russiýanyň Prezidentiniň şu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitdi, dürli ulgamlarda olaryň ösdürilmegini anyklaşdyrdy, mundan beýläk bilelikde işlemek üçin anyk ugurlary salgy berdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow