Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi
Syýasy habarlar
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi
Çap edildi 02.10.2017
1403

Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy. Taraplar onuň yzygiderli we durnukly häsiýetini belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, emele gelen çylşyrymlylyga garamazdan, Russiýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Soňky wagtda iki tarapyň tagallalary netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Ykdysady topluma degişli türkmen wekiliýetiniň Russiýa saparlary amala aşyryldy, döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagynda bilelikdäki işewür-maslahatlar geçirildi. Hyzmatdaşlygyň täze guraly — Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň çäklerinde söwdany we maýa goýumlary goldamak boýunça Ýokary derejeli topar döredildi. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 2017-2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň hem-de taslamalaryň meýilnamasy ylalaşyldy. Munuň özi üç ýyllyk döwür üçin özara hereket etmegiň özboluşly ugur görkezijisidir. Şeýle mysallar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, olary giňeltmäge özara gyzyklanmanyň bardygyndan we muňa taýýarlykdan habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara toparynyň başlangyçlar bilen çykyş edip işlejekdigine ähmiýetli orun berilýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hiliniň we möçberleriniň görnetin artdyrylyp bilinjekdigi we şeýle bolmalydygy, anyk mümkinçiliklere hem-de bar bolan kuwwata kybap getirilmelidigi aýdyňdyr diýip Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz şoňa görä-de, häzir anyk taslamalara, geografiki taýdan ýerleşiş we düzümleýin artykmaçlyklarymyzy peýdalanmaga çykmak, täze ugurlary gözlemek gerek. Ilkinji nobatda, strategiki ulgamlar bolan senagatda, ulag we kommunikasiýalarda, energetikada, obasenagat toplumynda, täze tehnologiýalarda şeýle bolmagyny maksadalaýyk hasaplaýarys diýip belledi. Biz Russiýanyň netijeliligini hem-de özara bähbitliligini subut eden iri kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemegine ýokary baha berýäris we olary goldaýarys. Gürrüň, hususan-da, awtomobilgurluşygy, awiagurluşyk, gämigurluşyk ýaly ulgamlar barada barýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Russiýa tarapynyň hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşleri we ugurlary baradaky tekliplerine gyzyklanma bilen garamaga taýýardygyny aýtdy. Häzir logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek anyk ýagdaýda ilkinji orna çykýar. Bu babatda, iki ýurduň Hazar deňzinde—Türkmenbaşy we Astrahan şäherlerinde port düzümlerini, olaryň arasynda parom gatnawyny peýdalanmagyň geljegi örän uly görünýär. Astrahan oblastynyň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-logistika merkeziniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Obasenagat toplumynda hem-de dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň ony has-da ösdürmäge, oba hojalyk we dokma önümleriniň Russiýa Federasiýasyna iberilmegini artdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem Türkmenistan nebitgaz we himiýa senagatynyň önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny Russiýa ibermek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyr. Türkmen tarapy ýokary tehnologiýalar ulgamynda Russiýa bilen özara gatnaşyklarymyzyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz, umuman, ykdysady hyzmatdaşlyga innowasion, ýokary tehnologiki häsiýeti çaýmagyň möhümdigine ynam bildirdi. Bu ulgamda Russiýada ajaýyp işläp taýýarlamalar bar. Şoňa görä-de, Türkmenistan ony iki tarapyň bähbidine hem-de özara bähbitlilik esasynda peýdalanmak isleýär. Häzirki wagtda bank-maliýe ulgamy, maliýe toplumyna degişli işler hem-de eksport-import amallarynyň we bilelikdäki daşary-ykdysady taslamalaryň goldanylmagy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär.

Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow