Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy
Syýasy habarlar
Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy
Çap edildi 07.10.2017
1624

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda ýürdumyzyň milli medenýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli şu medeniýet, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy: «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň esasy kitaphanaçysy Akjemal Umurowna Saparowa, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Annatuwak Kakaýewa; «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Garry Aşyrgylyjowna Meňliýewa; «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady: Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Nowruzguly Atajanowiç Mätniýazowa; «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň suratkeşi Maksat Daşpoladowiç Amangylyjowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň okuw işleri boýunça prorektory Rustam Doliýewiç Annamuhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Dizaýn kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Jumageldi Gylyjowiç Amangeldiýewe, Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosenti Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowa, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Mekan Artykmyradowiç Silapowa; «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň Metbugat we habarlar bölüminiň habarçysy Ejegyz Çaryýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň Syýasy jemgyýetçilik bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Täzegül Jumamyradowna Nurmämedowa; «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady: Çerkez Nurýagdyýewe (merhum), Gurbanmyrat Dabaşyýewe (merhum).

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow