Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Walentina Matwiýenko: V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň anyk guramaçylygyny we ägirtligini Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen deňeşdirip bolar
Syýasy habarlar
Walentina Matwiýenko: V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň anyk guramaçylygyny we ägirtligini Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen deňeşdirip bolar
Çap edildi 15.10.2017
1352

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 2017-nji ýylyň 16-18-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Geňeşiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň barşynda Siz bilen duşuşmaga hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi kabul ediň. Güneşli Türkmenistanda mähirli kabul edilen günlerimiz biziň kalbymyzda hemişelik galar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalary V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan pursatyndan bäri Türkmenistanyň amala aşyran işleriniň gerimine göz ýetirdi. 2015-nji ýylyň dekabrynda Siziň myhmansöýer ýurduňyza amala aşyran saparymdan geçen wagtyň içinde ak mermerli şäheriň keşbi has-da üýtgäpdir hem-de binagärlik we özboluşlylyk taýdan bizi haýran galdyrdy. V Aziýa oýunlary bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty bize hem miýesser etdi. V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň guramaçylyk derejesini Olimpiýa Oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen deňeşdirmek bolar. Soňky ýedi ýylyň içinde Siz ajaýyp sport düzümini döretdiňiz, onuň binýadynda bolsa geljekde hem dünýä ähmiýetli ýaryşlar geçiriler. Netijede milli sport ulgamy Siziň tassyklan “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnama” laýyklykda öz ösüşine eýe bolar. Siziň bu işlere gös-göni gatnaşmagyňyz we şahsy hyzmatlaryňyz bizde uly guwanç duýgularyny döredýär. Şunuň ýaly üstünlikleriň Sizi dünýä sportunyň taryhyna ýazjakdygyna, Türkmenistanyň bolsa Aziýa sport hereketiniň umumy ykrar edilen merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynanýaryn. Siziň bize goýan uly hormatyňyz-Aşgabat şäheriniň Hormatly raýaty diýen adyň dakylmagy üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size berk jan saglyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Walentina Matwiýenko, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow