25.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçil syýasaty dünýä giňişliginde türkmen döwletiniň abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýeti hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň uly ynam bildirmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
25.12
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
25.12
2017
Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
24.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy.
23.12
2017
Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler.
23.12
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
23.12
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
23.12
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
22.12
2017
22-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer A.Garajaýew geljek ýylyň “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny, şeýle hem 2018-nji ýylyň nyşanyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
22.12
2017
Ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny saklamak, ilatymyzy balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem balyk serişdelerini saklamak we öndürmek maksady bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär.