Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy
Jemgyýet
“Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy
Çap edildi 25.12.2017
2872

Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli, ýurdumyzyň geljegi baradaky hemmetaraplaýyn alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Mähirli garalmagyň we yzygiderli aladalar netijesinde, ýaş türkmenistanlylar, şol sanda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler öz zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek üçin hemme mümkinçilige eýedir. Ýaş zehinler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly we halkara festiwallara örän işjeň gatnaşýarlar. Baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda geçirilen uly konsert “Döwletliler köşgünde” Täze ýylyň öňýanyndaky häzirki dabaranyň owadan bezegine öwrüldi. Zalyň merkezinde dürli reňkli bezegler, oýnawaçlar, yşyklar bilen görkana bezelip gurnalan owadan arçanyň töweregine Köşkde terbiýelenýän çagalar we olaryň terbiýeçileri ýygnandylar. Hatarynda baýramçylygy guramaga gatnaşan Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri bolan köpsanly myhmanlar hem çagalaryň şatlygyny paýlaşdylar. Meşhur ýerine ýetirijiler, artistler we elbetde, ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar çagalaryňkyda myhmançylykda boldular. Däp bolşy ýaly, çykyşlarda Täze ýyl baýramynyň öňýanynda, isleg-arzuwlary hasyl edýän hoşniýetli jadyly Aýazbaba esasy orunda boldy. “Döwletliler köşgüniň”, “Joşgun” aýdym-saz toparyna gatnaşyjylar, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz” hem-de Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk” toparlarynyň ýaşajyk artisleri tomaşaçylary begendirdiler. Baýramçylyk mynasybetli owadan dürli lybaslary geýnen çagalar ýurdumyzyň görnükili estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmegindäki çykyşlar astynda gol tutuşyp şatlanyşyp tans etdiler. Baş öwredilen haýwanlaryň ajaýyp hereketleri, žonglýorlaryň ünsüňi çekýän çykyşlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Şowhun” sirk toparynyň şadyýan masgarabazlarynyň şowhunly sahnalary çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler ajaýyp sowgatlar hem-de parahat, bagtyýar çagalyk üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň oňat päk arzuwlaryny we gutlaglaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow