Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öň ýanyndaky dabara gatnaşdy
Jemgyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öň ýanyndaky dabara gatnaşdy
Çap edildi 24.12.2017
2393

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we beýlekiler ýygnandylar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de tamamlanyp barýan 2017-nji ýylyň beýik üstünlikleriň döwri bolandygyny, Türkmenistanyň milli özgertmeler strategiýasynyň we ählumumy parahatçylyk, abadançylyk we ösüş ugrunda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň üstünlige getirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisine bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Türkmen halky häzirki döwürdäki ägirt uly gazanylanlary hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrýar, milli Liderimiziň adyna baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň adyndan Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglary beýan edilip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edildi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Toplumlaýyn çäreleriň maksadalaýyk ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän önümçilik, durmuş we inženerçilik-tehnologiki düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi dowam edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde halkara derejesinde oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak esasynda ýola goýmaga çalyşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana Milletler Bilelşigi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, ilkinji nobatda, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Häzirki günde biziň Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň bu Kararnamasyny öz esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Türkmenistan bu taryhy resminama aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasy düzgünlerini öz Konstitusiýasynda anyk kesgitledi. Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy doktrinasy bolup durýar. Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi hem ähmiýetli waka boldy. Bu ýere ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda beýik üstünliklere, tamamlanyp barýan ýyl milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwleti üçin aýratyn ähmiýetli boldy. “Mizan” işewürlik merkezindäki geçirilen dabaranyň barşynda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow