02.02
2018
2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy. Tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy.
02.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
02.02
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.
02.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
01.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
01.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sauli Wýaýnýamo Niýnistýo onuň Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
31.01
2018
Paýtagtymyzda senagat önümleriniň, enjamlarynyň döwrebap tehnologiýalarynyň Halkara sergisi öz işine başlady, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitlerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribelerini we işläp taýýarlamalaryny görkezýär, olar türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.
31.01
2018
Wekilbazar etrabynyň merkezinde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Medeniýe oýüniň töwereginde ak öýler dikildi hem-de baýramçylyk tagamlary taýýarlanyldy, bu etraba ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşigiň ýeňiji hökmünde dabaraly ýagdaýda mynasyp bolan sylagy – ABŞ-nyň 1 million dollary gowşuryldy.
31.01
2018
2017-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň her ýyly baý mazmunly we täsirli şygarda öz beýanyny tapýan jemgyýetçilik ähmiýetli mowzuga bagyşlamak däbi esasy durmuş gymmatlyklaryny özünde jemläp, yzygiderli dowam edýär.
31.01
2018
Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.