05.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasa Swat raýonynyň harby bölüminde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
04.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi.
04.02
2018
Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.
03.02
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
03.02
2018
2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.
03.02
2018
Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
03.02
2018
Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli çäre Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmeginiň netijeli guralyna öwrüldi we ýurdumyzyň senagatynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri we ösüş ugurlaryny beýan etdi, bu ulgama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasynda möhüm ähmiýet berýär.
02.02
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
02.02
2018
Fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasynda meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajonyň saýlanan eserleriniň sergisi bar. Bu sergi 7-25 –nji fewral aralygynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
02.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökmetiň meöjlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň maslahaty barada aýdylan habary teswirläp, ekologiki we suw-energetiki meseleler boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.