Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär
Çap edildi 02.02.2018
2148

2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy. Tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy. Şu ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň çykdajy böleginiň 81,3 göteriminiň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 60-synyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-niň, 352 müň inedördil metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylyk döwlet Baştutanymyz mili ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmek, ähli pudaklarda durnukly ösüş depginlerini saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň möhümdigini belledi. Bu maksatlar bilen bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete girizmek, şeýle hem makroykdysady ýagdaýy yzygiderli seljermek we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, geljek üçin uzakmöhletleýin meýilnamalary hasaba alyp, ony çaklamak hem-de ylmy esasda seljermek möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow