Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Ykdysadyýet
Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Çap edildi 31.01.2018
2170

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolta deň bolan elektrik geçirijiler ulgamyny çekmekde özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär. Nygtalyşy ýaly, bilelikde işlenilip taýýarlanylan maksatnama netijeli gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup hyzmat eder, ol “Çalyk Holding A.Ş.” türk kompaniýasy bilen energetika pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýär. Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşi babatynda haýran galdyryjy üstünlikleri bilen bütin dünýäde uly gyzyklanma hem-de ykrarnama eýe boldy diýip, türk işewürleri nygtadylar. Türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlygy netijesinde goňşy ýurtlar bilen hem, dünýäniň beýleki ähli döwletleriniň işewürler toparlary bilen hem özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar, daşary ýurtly telekeçiler kuwwatly senagat düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşmaga çalyşýarlar. Uzakmöhletleýin esasda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna türkmen gazynyň iberilmegini üpjün etjek TOPH-nyň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň oňyn çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlarynyň, degişli elektrik energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik açylar. Bu gaz geçirijiniň ugrundaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, bu taslama elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer, şol döwletleriň hökümetleri türkmen Lideriniň başyny başlan bu taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Elektrik energiýasynyň önümçiligini hem-de onuň eksport möçberlerini artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen senagat önümçiliklerini gurmak Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda 2013-2020-nji ýyllarda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde eýýäm gazturbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri möçberli işleriň ýurdumyzy özüniň elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy ýurtlara—Owganystan Yslam Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen howa elektrik geçiriji ulgamy hem-de güýjenmesi 500 kilowolt bolan kiçi stansiýa guruldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine bu ulgamda ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem tebigy gazyň—elektrik stansiýalary üçin häzirki wagtda iň bir netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň görnüşi bolan “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlary ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, ählumumy ykdysadyýetiň öz ornuny pugtalandyrylmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydyr. Gymmat bolmadyk, ygtybarly energiýanyň häzirkizaman çeşmelerine giň elýeterliligiň mümkinçiligi ähli ýurtlaryň okgunly ösüşi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýedir. Bu maksatlara ýetilmegine şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda Gün tertibine” laýyklykda dünýä bileleşiginiň tagallalary hem gönükdirilendir. Bu bolsa öz nobatynda döwletleriň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň halkara hukuk gurallarynda, ählumumy energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşini kadalaşdyryjy berk, üýtgewsiz hem-de köptaraplaýyn ýörelgeleri kemala getirmek bilen berkidilen täsirli gurallaryň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurlygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi, ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen hem-de özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalşyp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze keşbiniň kemala getirilmegine yzygiderli goşant goşýar, bu ugurda anyk çäreleri geçirýär. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylykly ösüş, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bähbidine dünýäniň sarp edijileriniň türkmen energiýa serişdelerini ibermek boýunça giň möçberli işleriň täze tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny bellediler.

Soňky habarlar
17.03
Aşgabatda hususy pudagyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär
17.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary başlandy
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
top-arrow