Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi gurular
Jemgyýet
Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi gurular
Çap edildi 02.02.2018
2477

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminamada bellenilişi ýaly, täze lukmançylyk merkezini döretmegiň taslamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen amala aşyrylar. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini 2020-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow