Baş sahypa
\
\
2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklanyldy
2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklanyldy
Çap edildi 03.02.2018
20742

Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Öňler Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň ähmiýetli taryhy-medeni ýerlerinde ýylyň dowamynda ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, arheologiki gymmatlyklaryň sergisiniň, folklor toparlaryň bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem sahna eserleriniň, dessanlary ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly ýygyndylarynyň, degişli neşirýat önümleriniň hem-de ýadygärlik sowgatlaryň taýýarlanylmagy maksat edinilýär. Çäreleriň tapgyry UNESKO-nyň abraýly medeni mirasynyň sanawyna girizilen aýdym aýtmagyň we tans etmegiň milli sungaty bolan küştdepdä bagyşlanylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamyndaky işleri işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny belledi. Döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşi köp babatda döredijilik ulgamynyň işgärleriniň goşandyna baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek babatda olaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň her biriniň uly terbiýeçilik ähmiýetine we düşünjäňi artdyrýan häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi.

Soňky habarlar
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow