07.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikos Anastasiadisе onuň Kipr Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
07.02
2018
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline ýörite ugur bilen Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) hem-de sportuň şu görnüşi boýunça iri ýaryşlaryň däp boýunça hemaýatkäri bolup çykyş edýän “Coco-cola” kompaniýasynyň wekilleri geldiler.
06.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi
06.02
2018
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça möhüm wezipeler çözülende, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, energiýa serişdelerine artýan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, nebitden we gazdan öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. TOPH we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek zerurdyr.
05.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
05.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasa Swat raýonynyň harby bölüminde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
04.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günüdigine garamazdan, Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, milli atçylygy ösdürmegiň, köpçülikleýin sporty wagyz etmegiň hem-de öňde boljak möhüm sport wakalaryna taýýarlyk görmegiň meselelerine üns berdi.
04.02
2018
Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.
03.02
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
03.02
2018
2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.