Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi
Syýasy habarlar
AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi
Çap edildi 02.02.2018
1819

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökmetiň meöjlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň maslahaty barada aýdylan habary teswirläp, ekologiki we suw-energetiki meseleler boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Mejlisiň barşynda daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, bpeýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekb oýunça mesweleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe AHHG-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, AHHG-ny dörediji döwletleriň baştuanlarynyň maslahatyna taýýarlyk görmegiň , “Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň” täze görnüşini işläp taýýarlamagyň Iş meýilnamasyny tassyklamak hem-de AHHG-nyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi baradaky resminamalara gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk metmeginiň esasy wezipeleriniň üstünde durup gçip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek boýunça yzygyiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow