09.04
2018
Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy.
08.04
2018
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy satyn aldylar.
08.04
2018
Bütindünýä saglyk güni bellenilýän şu gün Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ajaýyp “Beýik Ýüpek ýoly” binasynyň dabaraly açylyşy boldy.
08.04
2018
Ýurdumyzyň paýtagtyna Aziýa Futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifiň baştutanlygyndaky (AFK) wekiliýet iş sapary bilen geldi.
07.04
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde ählihalk baýramçylygy bolan Bütindünýä saglyk gününi giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly müňlerçe adamlary özünde jemleýän hem-de tutuş ýurdumyzy gurşap alan köpsanly sport çäreleri geçirildi.
07.04
2018
“FAVO” toparyndan bolan belli nemes sazandalary Falk Braýtkroýs we Folker Şlott, şeýle hem Belgiýadan gelen tanymal sazanda Sander de Winne paýtagtymyzyň ilatyny we myhmanlaryny jaz owazlary bilen begendirdiler.
07.04
2018
Şu gün Belarus Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
07.04
2018
Şu gün Mejlisde ýurduň daşary işler ministri Li Ýon Honyň baştutanlygynda türkmen paýtagtyna gelen Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
07.04
2018
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
06.04
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.